Resul 1
1
1‑nji bap
Isa Mukaddes Ruhy wada berýär
1Eý, Teofil! Men birinji kitabymda Isanyň tä göge göterilen gününe çenli başdan-aýak bitiren we öwreden ähli işleri barada ýazdym. 2Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi. 3Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi. 4Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň. 5Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».
Isa göge göterilýär
6 Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar. 7Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl. 8Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi. 9Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi. 10Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup: 11«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.
Ýudasyň ornuna Mattiýa saýlanýar
12Mundan soňra resullar Zeýtun dagyndan Iýerusalime gaýdyp geldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir Sabat günlük ýoldy#1:12 Bir Sabat günlük ýol – dini kanuna görä Sabat güni diňe bir kilometr ýol ýöremäge rugsat edilendi.. 13Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler. 14Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.
15Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi: 16«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy. 17Ýudas biziň birimiz hasaplanýardy, ol hem bu hyzmatdan öz paýyny alypdy».
18(Ýudas haýynlyk edip gazanan puluna bir ekin meýdanyny satyn alypdy. Soňra şol ýerde başaşak ýykyldy we garny ýarylyp, ähli içgoşy çogup çykdy. 19Bu waka bütin Iýerusalim ilatyna mälim boldy we adamlar ol ýeri öz dillerinde «Hakeldama», ýagny «Gan meýdany» diýip atlandyrdylar.)
20 #
Zeb 68:26; 108:8. Soňra Petrus sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Zeburda:
„Goý, onuň öýi çolaryp galsyn,
ol ýerde hiç kim mesgen tutmasyn“,
şeýle hem: „Başga biri onuň ornuny alsyn“ diýlip ýazylan. 21-22Şonuň üçin hem, Ýudanyň ornuna başga birini saýlamagymyz gerek. Bu adam Rebbimiz Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip, tä göge göterilen wagtyna çenli hemişe biziň aramyzda bile bolan adamlaryň biri bolmaly. Ol hem biziň ýaly Isanyň direlendigine şaýatlyk etsin».
23Şeýlelikde, iki adamy öňe çykardylar. Olaryň biri Barsap lakamly Ýusup (oňa Ýustus hem diýýärdiler), beýlekisi bolsa Mattiýdi. 24Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez, 25sebäbi Ýudas etmeli hyzmatyny taşlap, özüne degişli ýere gitdi» diýdiler. 26Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.
Currently Selected:
Resul 1: TukLat16
Highlight
Share
Copy
![None](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fimageproxy.youversionapi.com%2F58%2Fhttps%3A%2F%2Fweb-assets.youversion.com%2Fapp-icons%2Fen.png&w=128&q=75)
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016