የYouVersion አርማ
የፍለጋ አዶ

Gelip çykyş 27

27
27‑nji bap
Yshak Ýakuba pata berýär
1 Yshak garrap, gözden galypdy. Ol öz uly ogly Ysawy ýanyna çagyryp, oňa: «Oglum!» diýdi. Ysaw: «Näme, kaka?» diýdi. 2Yshak: «Men indi garradym, haçan öljegim belli däl. 3Indi sen aw enjamlaryňy – sagdakdyr ýaýyňy al-da, meýdana gidip, maňa aw awlap getir. 4Ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; iýeýin-de, ölmezimden öň saňa pata bereýin» diýdi.
5-6Yshagyň ogly Ysawa aýdan sözlerini Rebeka diňläp durdy. Ysaw meýdana awa gidende, Rebeka ogly Ýakuba şeýle diýdi: «Kakaň doganyň Ysawa: 7„Aw awlap gel-de, ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; men ondan iýeýin-de, ölmezimden öň Rebbiň huzurynda saňa pata bereýin“ diýenini eşitdim. 8-9Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin. 10Sen ony kakaňa iýmäge eltip berersiň, ol bolsa ölmezinden öň saňa pata berer». 11Ýakup ejesine şeýle jogap berdi: «Doganym Ysaw tüýlek adam, meniň derim bolsa tüýsüz. 12Eger kakam meni elläp göräýse, onda ol meniň özüni aldaýandygymy biler. Men pata almagyň deregine nälete galaryn». 13Ejesi Ýakuba: «Şol nälet, goý, maňa gelsin, oglum. Sen maňa gulak as-da, gidip owlaklary getir» diýdi. 14Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi. 15Soňra Rebeka uly ogly Ysawyň öýdäki gymmatbaha eşiklerini alyp, olary kiçi ogly Ýakuba geýdirdi. 16Onuň ellerini we boýnunyň tüýsüz ýerlerini owlak derisi bilen örtdi. 17Soňra Rebeka bişiren tagamly naharyny öz bişiren nany bilen bile ogly Ýakubyň eline tutdurdy.
18 Ýakup kakasynyň ýanyna gelip: «Kaka!» diýdi. Yshak: «Hawa! Sen kim, oglummy?» diýdi. 19Ýakup kakasyna: «Men nowbahar ogluň Ysawdyryn. Men seniň aýdyşyň ýaly edendirin. Indi dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata beräý» diýdi. 20Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi. 21Yshak Ýakuba: «Golaýragyma süýş, oglum. Seni elläp göreýin, seniň, hakykatdan-da, oglum Ysawdygyňy ýa-da däldigiňi bir bileýin» diýdi. 22Ýakup kakasy Yshagyň alkymyna bardy. Ol ogluny elläp gördi-de: «Ses Ýakubyň sesi, ýöne eller Ysawyň elleri» diýdi. 23Ýakubyň elleri edil Ysawyňky ýaly tüýlek bolansoň, Yshak ony tanaman, oňa pata berdi. 24Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi. 25Yshak oňa: «Oglum, aw etiňi getir, iýeýin-de, saňa pata bereýin» diýdi. Ýakup nahary onuň öňünde goýdy; Yshak iýdi, Ýakup şerap getirdi, Yshak içdi. 26Yshak Ýakuba: «Gel, oglum, meni ogşa» diýdi. 27Ýakup kakasynyň alkymyna baryp, ony ogşady. Yshak onuň geýimleriniň ysyny aldy we oňa pata berdi:
«Ine, oglumyň bu ysy
Rebbiň bereket beren
meýdanyň ysy ýalydyr.
28Hudaý saňa
Gögüň çygyndan,
mes toprakly ýerden,
bol galla hem şerap bersin.
29Halklar saňa hyzmat etsinler,
il-uluslar saňa boýun egsinler.
Baştutan bol sen öz doganlaryňa,
doganlaryň saňa boýun egsinler.
Seni näletlän, näletlensin,
seni ýalkan, ýalkansyn!»
Ysaw Yshakdan pata sorap ýalbarýar
30 Yshak Ýakuba pata berip, ol kakasynyň ýanyndan çykan dessine, dogany Ysaw awdan gaýdyp geldi. 31Ol hem kakasyna tagamly nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata ber» diýdi. 32Yshak oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men seniň nowbahar ogluň Ysaw» diýip jogap berdi. 33Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi. 34Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady. 35Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi. 36Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup#27:36 Ýewreýçe Ýakup we aldawçy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. Seret: Gçk 25:26. ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi. 37Yshak oňa: «Men ony saňa baştutan etdim, ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär edip berdim. Oňa nandyr şerap berdim. Indi men saňa näme bereýin, oglum!» diýdi. 38Emma Ysaw kakasyna: «Kaka, sende bary-ýogy ýeke pata barmydy näme, maňa-da pata ber-dä!» diýip, içigip-içigip aglady. 39Kakasy Yshak oňa şeýle jogap berdi:
«Seret, seniň mesgen tutjak ýeriňde gökden çyg düşmez,
ol mes toprakly ýerden uzak bolar.
40Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň,
doganyňa hyzmat edersiň.
Wagt geler, garşylyk görkezersiň.
Onuň zulumyndan dynarsyň».
41Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursady golaýlap gelýär. Kakamyň ýas günleri geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy. 42Uly ogly Ysawyň sözleri Rebeka baryp ýetdi. Onsoň Rebeka kiçi ogly Ýakuby çagyrtdy-da, oňa şeýle diýdi: «Doganyň Ysaw senden ar almak üçin seni öldürmegiň küýüne düşüp ýör. 43Indi maňa gulak as, oglum! Eglenme-de, Harana, meniň erkek doganym Labanyň ýanyna gaç! 44-45Doganyň gahary ýatyşýança, eden işiň onuň ýadyndan çykyşýança, birsellem şol ýerde ýaşa. Soň men adam iberip, seni ol ýerden özüm aldyraryn. Bir günüň içinde ikiňizden hem mahrum bolasym gelenok».
46Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi.

Currently Selected:

Gelip çykyş 27: TukLat16

ማድመቅ

Share

Copy

None

ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ