Gelip çykyş 20
20
20‑nji bap
Ybraýym we Abymelek
1 Ybraýym ol ýerden Negep çölüne göçüp, Kadeş bilen Şuruň aralygynda düşledi. Soňra ol Gerarda gelmişek bolup ýaşady. 2Ybraýym öz aýaly Sara «Ol meniň aýal doganym» diýdi. Geraryň şasy Abymelek adam iberip, Sarany getirtdi.
3Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi. 4Emma Abymelek Sara heniz ýakynlaşmandy. Abymelek: «Eý, Taňry! Sen bigünä halky-da ýok etjekmi?! 5Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.
6Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim. 7Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».
8Abymelek daň bilen turdy we ähli emeldarlaryny çagyryp, olara düýşüni gürrüň berdi. Olar gaty gorkdular. 9Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi. 10Abymelek ýene-de Ybraýymdan: «Sen näme maksat bilen beýle etdiň?» diýip sorady.
11 Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim. 12Onsoňam ol meniň, hakykatdan-da, aýal doganym. Ikimiz atabir enebaşga dogandyrys, ol soň meniň aýalym boldy. 13Hudaý meni atamyň öýünden Öz saýlan ýurduna gitmäge çagyranda, men Sara: „Sen maňa wepaly bol. Men barada soran her kişä bu meniň erkek doganym diý“ diýdim».
14Abymelek Ybraýyma ownukly-irili mallar, gullardyr gyrnaklar berdi; aýaly Sarany hem oňa gaýtaryp berdi. 15Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi. 16Abymelek Sara-da: «Doganyňa müň teňňe kümüş berdim. Bu ýanyňdakylara seniň bigünädigiňi görkezer. Sen doly aklanansyň» diýdi. 17-18Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli Reb Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.
Currently Selected:
Gelip çykyş 20: TukLat16
ማድመቅ
Share
Copy
ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016