Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi:
«Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy,
ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,
meni ähli ýamanlykdan goran perişde
bu oglanlary-da ýalkasyn!
Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady
şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin!
Goý, olardan köp nesiller döresin!»