Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler. Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir».