Luka 19
19
19-njy bap
Isa bilen Zakkaý
1 Isa Ýerihonyň içinden geçip barýardy. 2Ol ýerde Zakkaý atly bir baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy. 3Zakkaý Isanyň kimdigini görmek isledi, emma onuň boýy gysga bolansoň, mähelleden ýaňa Ony görüp bilmedi. 4Şeýlelikde, Ony görjek bolup, öňe ylgap, bir injir agajynyň üstüne çykdy, sebäbi Isa şol ýoldan gelýärdi. 5Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş. Bu gün Men seniň öýüňde galmaly» diýdi. 6Ol hem dessine aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi. 7Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady. 8Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi. 9Isa oňa: «Bu gün bu öý halas boldy, sebäbi bu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir. 10Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.
On hyzmatkär tymsaly
(Matta 25:14-30)
11Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy. 12Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar. 13Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul#19:13 Bir horjun pul – grekçe on mina. Bir mina takmynan üç aýlyk gazanç puluna deňdir. berýär.
14Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler. 15Emma muňa garamazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra ol pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň näme gazananyny bilmek isleýär. 16Birinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“ diýýär. 17Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär. 18Ikinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň bäş horjun pul gazandy“ diýýär. 19Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäş şähere häkim bol“ diýýär. 20Onsoň üçünji hyzmatkäri gelip: „Hojaýyn! Ine, seniň bir horjun puluň, men ony bir uly ýaglyga düwüp sakladym. 21Men senden gorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýýär. 22Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň? 23Onda näme üçin pulumy işletmäge bermediň? Men gelenimde, ony peýdasy bilen alardym“ diýýär. 24Onsoň hojaýyn ol ýerde duranlara: „Onuň elinden puly alyň-da, on horjunla beriň“ diýýär. 25Olar oňa: „Hojaýyn, onuň özünde öňem on horjun pul bar ahyry!“ diýýärler. 26Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 27Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Ýohanna 12:12-19)
28 Isa bulary aýdyp bolansoň, ýoluny dowam etdirip, Iýerusalime tarap ugrady. 29Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara: 30«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň. 31Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek“ diýiň» diýdi. 32Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar. 33Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 34Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. 35Taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler. 36Ol gidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler. 37Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar. 38#Zeb 117:25.Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler. 39Mähelläniň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňiň agzyny ýumdur!» diýdiler. 40Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
41 Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady. 42Ol şeýle diýdi: «Wah, käşgä sen bu gün özüňe nämäniň parahatlyk getirjekdigini bilsediň! Emma bu entek seniň gözleriňden gizlin. 43Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar. 44Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12-17; Mark 11:15-19; Ýohanna 2:13-22)
45Onsoň Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady. 46#Işa 56:7.Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi bolar“ diýip ýazylgydyr, emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 47Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler. 48Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.
Айни замон обунашуда:
Luka 19: TukLat16
Лаҳзаҳои махсус
Паҳн кунед
Нусха
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016