Gelip çykyş 1

1
1‑nji bap
Hudaý dünýäni we adamzady ýaradýar
1Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. 2Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.
3Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy. 4Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. 5Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.
6Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi. 7Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. 8Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 10Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 11Soňra Hudaý: «Ýerde her dürli ösümlikler emele gelsin. Tohum berýän her dürli ösümlikler we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlar össün. Soňra olaryň tohumlaryndan dürli ösümlikler we agaçlar gögersin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 12Şeýdip, ýer tohum berýän her dürli ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 13Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin. 15Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 16Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi. 17-18Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi. 19Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. 21Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. 22Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi. 23Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.
24Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 25Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň#1:26 Bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň – bu jümle käbir golýazmalarda bütin ýer ýüzi diýip duş gelýär. we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy,
hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy,
olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi. 29Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar. 30Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ähli gök otlary iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 31Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.

Märk

Dela

Kopiera

None

Vill du ha dina höjdpunkter sparade på alla dina enheter? Registrera dig eller logga in