1
Luka 9:23
Mukaddes Kitap
Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
Sammenlign
Utforsk Luka 9:23
2
Luka 9:24
Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
Utforsk Luka 9:24
3
Luka 9:62
Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.
Utforsk Luka 9:62
4
Luka 9:25
Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar?
Utforsk Luka 9:25
5
Luka 9:26
Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.
Utforsk Luka 9:26
6
Luka 9:58
Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.
Utforsk Luka 9:58
7
Luka 9:48
Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.
Utforsk Luka 9:48
Hjem
Bibel
Leseplaner
Videoer