1
Müsürden çykyş 6:6
Mukaddes Kitap
Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.
Összehasonlít
Fedezd fel: Müsürden çykyş 6:6
2
Müsürden çykyş 6:7
Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.
Fedezd fel: Müsürden çykyş 6:7
3
Müsürden çykyş 6:8-9
Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“». Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
Fedezd fel: Müsürden çykyş 6:8-9
4
Müsürden çykyş 6:1
Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
Fedezd fel: Müsürden çykyş 6:1
Kezdőoldal
Biblia
Tervek
Videók