Matta Giriş
Giriş
Bu kitap Isanyň şägirdi Matta tarapyndan ýazyldy. Matta Isa duşmazyndan ozal salgytçydy. Emma Isa Mesih bilen bolan duşuşyk onuň dünýägaraýşyny düýpgöter özgerdýär. Isa ony Öz yzyna eýermäge çagyranda, Matta bada-bat kärini taşlap, Onuň yzyna düşýär. Matta Isa nirä gitse, Onuň bilen bile gidýär we soňra Onuň 12 resulynyň biri bolýar.
Matta öz kitabynda Köne Äht ýazgylaryna ýygy-ýygydan salgylanýar. Ol kitabyny Isanyň nesil daragtyny beýan etmekden başlaýar. Şeýle etmek bilen, ol Isanyň tötänlikden peýda bolman, eýsem Köne Ähtdäki wadalara görä doglandygyny nygtaýar. Matta Isanyň Mesihdigini, Onuň pygamberler arkaly wada berlen Patyşadygyny aýan edýär. Pygamberler Isa Mesihiň Dawut pygamberiň neslinden doglup, Hudaýyň Şalygyny berkarar etjek Halasgärdigini müňlerçe ýyl ozal aýdyp geçipdirler. Matta özüniň şaýat bolan wakalaryny beýan edip, Isa Mesihiň dogrudan-da Hudaýyň Ogludygyny tassyklaýar.
Matta Hudaýyň Şalygy barada örän köp ýazýar. Ol bu Şalygyň gündogarda, ýa günbatarda, ýa haýsydyr başga bir ýerde däl-de, adamlaryň özlerini Isa tabşyryp, Oňa eýeren ýerlerinde berkarar bolýandygyny okyjylaryna mälim edýär. Isa Mesihe iman edip, Onuň tabşyryklaryny berjaý edýän islendik adam dogry durmuşda ýaşap, Hudaýyň Şalygyny miras alýar.
Matta öz kitabynda Isany Mugallym diýip atlandyrýar, sebäbi Isa Mukaddes Ýazgylary doly ygtyýarlylyk bilen teswirlärdi, Hudaýyň Şalygyny Şaýat hökmünde beýan ederdi.
Mazmuny
Isa Mesihiň nesil daragty we dogluşy1:1–2:23
Ýahýa pygamberiň hyzmaty3:1-12
Isanyň çümdürilmegi we synalmagy3:13–4:11
Isanyň Jelile welaýatyndaky hyzmaty4:12–18:35
Jelileden Iýerusalime çenli19:1–20:34
Iň soňky hepde we Iýerusalim şäherine girmegi21:1–27:66
Reb Isanyň ölümi we direlişi28:1-20
Currently Selected:
Matta Giriş: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016