YouVersion Logo
Search Icon

Resul 4

4
4‑nji bap
Petrus bilen Ýohanna ýokary mejlisiň öňünde
1Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar. 2Olar gahar-gazaba mündüler, sebäbi bu iki resul Isany mysal getirip, halka öwretmek bilen ölüleriň direlişini wagyz edýärdi. 3Olar Petrus bilen Ýohannany tutdular we agşam düşendigi sebäpli, olary ertire çenli zyndanda sakladylar. 4Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi. 5Ertesi gün ýahudylaryň ýolbaşçylary, ýaşululary we Töwrat mugallymlary Iýerusalime ýygnandylar. 6Baş ruhany Hanan, Kaýafa, Ýohanna, Isgender we baş ruhanynyň garyndaşlary şol ýerdediler. 7Olar Petrus bilen Ýohannany ortada durzup: «Siz muny haýsy gudrat bilen, kimiň adyndan etdiňiz?» diýip soradylar. 8Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary! 9Biz bu gün bir otura maýyba ýagşylyk edendigimiz we onuň şypa tapandygy üçin soraga çekilýän bolsak, 10onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi. 11#Zeb 117:22.Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
„Siz ussalaryň ret eden bu daşy
binanyň burç daşy boldy“.
12Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».
13 Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler. 14Şypa tapan adam hem bu iki resul bilen bile durdy. Şonuň üçin olaryň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler. 15Şeýlelikde, olara ýokary mejlisden daşary çykmagy buýurdylar-da, özara maslahata başladylar: 16«Bu adamlary näme edeliň? Iýerusalimde ýaşaýanlaryň her biri bularyň täsin gudrat görkezendigini bilýär. Biz muny inkär edip bilmeýäris. 17Emma bu habar halk arasynda has-da köp ýaýramaz ýaly öňüni alalyň we mundan beýläk Isanyň ady bilen hiç kime hiç zat aýtmazlyklary üçin, olara duýduryş bereliň».
18Onsoň olary çagyryp, Isanyň ady bilen geplemezligi we wagyz etmezligi buýurdylar. 19Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň! 20Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.
21 Mejlis agzalary olara iň soňky duýduryş berenden soň, olary boşadyp goýberdiler. Olary jezalandyrmak üçin hiç hili bahana tapyp bilmediler, sebäbi bolan wakany ähli halk bilip, Hudaýy şöhratlandyrýardy. 22Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.
23Petrus bilen Ýohanna boşanlaryndan soň, dostlarynyň ýanyna gaýdyp bardylar we ýolbaşçy ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny olara habar berdiler. 24Muny eşidenlerinde, olaryň hemmesi batly ses bilen Hudaýa şeýle doga-dileg etdiler: «Eý, Hojaýynymyz Reb! Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan Sensiň! 25#Zeb 2:1-2.Sen Mukaddes Ruh arkaly Öz guluň – atamyz Dawudyň üsti bilen şeýle diýdiň:
Milletler näme üçin gazaba münýär?
Halklar nämä biderek pitne turuzýar?
26Rebbe we Onuň Saýlanyna#4:26 Saýlanyna – grekçe Hristos, bu Mesih diýmek. Sözlükde «Mesih» sözüne seret. garşy
dünýä şalary aýaga galýar,
hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar“.
27Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar. 28Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar. 29Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber. 30Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»
31Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.
Imanlylar ähli zatlaryny paýlaşýarlar
32Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy. 33Resullar beýik gudrat bilen Reb Isanyň direlendigine şaýatlyk edýärdiler. Hudaý olaryň hemmesine beýik merhemet eçildi. 34Aralarynda mätäç adam ýokdy. Sebäbi kimiň mellegi, öýi bar bolsa, olary satýardylar. Satylan zatlaryň puluny bolsa getirip, 35resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy. 36Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar. 37Ýusup hem öz ýerini satyp, puluny resullara getirip berdi.

Currently Selected:

Resul 4: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in