1
Matta 7:7
Mukaddes Kitap
Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
Compare
Explore Matta 7:7
2
Matta 7:8
Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
Explore Matta 7:8
3
Matta 7:24
Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.
Explore Matta 7:24
4
Matta 7:12
Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.
Explore Matta 7:12
5
Matta 7:14
Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr.
Explore Matta 7:14
6
Matta 7:13
Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür.
Explore Matta 7:13
7
Matta 7:11
Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?
Explore Matta 7:11
8
Matta 7:1-2-1-2
«Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
Explore Matta 7:1-2-1-2
9
Matta 7:26
Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr.
Explore Matta 7:26
10
Matta 7:3-4
Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Nädip sen öz gözüňde agaç barka, doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek?
Explore Matta 7:3-4
11
Matta 7:15-16
Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir. Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy?
Explore Matta 7:15-16
12
Matta 7:17
Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir.
Explore Matta 7:17
13
Matta 7:18
Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez.
Explore Matta 7:18
14
Matta 7:19
Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.
Explore Matta 7:19
Home
Bible
Plans
Videos