Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy. Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.