Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.