1
Gelip çykyş 32:28
Mukaddes Kitap
Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.
Compare
Explore Gelip çykyş 32:28
2
Gelip çykyş 32:26
Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.
Explore Gelip çykyş 32:26
3
Gelip çykyş 32:24
Ýakubyň ýeke özi galdy. Tä daň şapagy dogýança, bir kişi bilen göreş tutdy.
Explore Gelip çykyş 32:24
4
Gelip çykyş 32:30
Ýakup ol ýeri «Peniýel» diýip atlandyrdy. Ýakup: «Çünki men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym» diýdi.
Explore Gelip çykyş 32:30
5
Gelip çykyş 32:25
Ýakubyň baş bermeýändigini görensoň, ol kişi Ýakubyň uýlugynyň oýjugyna urup, onuň uýlugyny ýazdyrdy.
Explore Gelip çykyş 32:25
6
Gelip çykyş 32:27
Ol adam Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Ýakup» diýip jogap berdi.
Explore Gelip çykyş 32:27
7
Gelip çykyş 32:29
Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi.
Explore Gelip çykyş 32:29
8
Gelip çykyş 32:10
Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.
Explore Gelip çykyş 32:10
9
Gelip çykyş 32:32
(Ysraýyllar henize çenli uýlukdaky siňri iýmeýärler, çünki Hudaý Ýakubyň uýlugyndaky siňre degipdi.)
Explore Gelip çykyş 32:32
10
Gelip çykyş 32:9
Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy!
Explore Gelip çykyş 32:9
11
Gelip çykyş 32:11
Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn.
Explore Gelip çykyş 32:11
Home
Bible
Plans
Videos