Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler. Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy.