Лого на YouVersion
Иконка за търсене

Gelip çykyş 11

11
11‑nji bap
Babyl minarasy
1Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş sözler bardy. 2Adamlar gündogardan göçüp barýarkalar, Şingar ýurdunda bir düzlügiň üstünden gelip, şol ýerde mesgen tutdular. 3Olar biri-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, ony gowy bişireliň» diýişdiler. Olar gurluşyk üçin daşyň ýerine kerpiç, palçygyň ýerine bolsa şepbik ulandylar. 4Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran minara guralyň» diýişdiler. 5Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin aşak indi. 6Reb: «Görsene, olar bir halk, olaryň dilleri-de bir. Bu olaryň niýetiniň başlangyjydyr; olar indi öz göwünlerine gelen zatlaryny etmekden saklanmazlar. 7Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi. 8Şeýdip, Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne dargatdy; olar gala gurmalaryny bes etdiler. 9Şoňa görä-de, şol gala Babyl diýip at dakyldy, çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp#11:9 Ýewreýçe Babyl we garjaşdyryp sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir., olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.
Samyň nesilleri
10Samyň nesilleri şulardyr. Silden iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka, ondan Arpakşat doguldy. 11Arpakşat doglandan soň, Sam ýene bäş ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 12Arpakşat otuz bäş ýaşyndaka, ondan Şela doguldy. 13Arpakşat Şela doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 14Şela otuz ýaşyndaka, ondan Eber doguldy. 15Şela Eber doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 16Eber otuz dört ýaşyndaka, ondan Pelek doguldy. 17Pelek doglandan soň Eber ýene dört ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 18Pelek otuz ýaşyndaka, ondan Reguw doguldy. 19Reguw doglandan soň Pelek ýene iki ýüz dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 20Reguw otuz iki ýaşyndaka, ondan Seruk doguldy. 21Seruk doglandan soň Reguw ýene iki ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 22Seruk otuz ýaşyndaka, ondan Nahor doguldy. 23Nahor doglandan soň Seruk ýene iki ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 24Nahor ýigrimi dokuz ýaşyndaka, ondan Tera doguldy. 25Tera doglandan soň Nahor ýene ýüz on dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 26Tera ýetmiş ýaşyndaka, ondan Ybram, Nahor hem-de Haran doguldy.
Teranyň nesilleri
27Teranyň nesilleri şulardyr. Teradan Ybram, Nahor we Haran doguldy. Harandan Lut doguldy. 28Haran öz dogduk mekanynda, babyllylaryň Ur galasynda kakasy Tera dirikä aradan çykdy. 29Ybram bilen Nahor öýlendiler; Ybramyň aýalynyň ady Seraý, Nahoryňky bolsa Milkady. Milka Haranyň gyzydy. Haran Iskanyň hem kakasydy. 30Seraý önelgesizdi; onuň çagasy ýokdy. 31Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllylaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular. 32Tera iki ýüz bäş ýaşynda Haranda aradan çykdy.

Избрани в момента:

Gelip çykyş 11: TukLat16

Маркирай стих

Споделяне

Копиране

None

Искате ли вашите акценти да бъдат запазени на всички ваши устройства? Регистрирайте се или влезте