Лого на YouVersion
Иконка за търсене

Resul 2

2
2‑nji bap
Resullara Mukaddes Ruh inýär
1Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar. 2Birdenkä asmandan güýçli şemalyň sesine meňzeş şuwwuldy peýda bolup, olaryň oturan öýüniň içini doldurdy. 3Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler. 4Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar. 5Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar. 6Bu galmagally sese uly mähelle ýygnandy. Olar öz ene dillerindäki gürrüňleri eşidip, aljyradylar. 7Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Serediň, bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme? 8Onda nädip biziň her birimiz öz ene dilimizdäki sözleri eşidýäris? 9Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar. 10Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar. 11Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris». 12Olar haýran galdylar we aljyraşyp: «Bu näme boldugyka?» diýişdiler. 13Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.
Petrus halka wagyz edýär
14Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň. 15Bular siziň pikir edişiňiz ýaly, serhoş däl. Sagat ýaňy irden dokuz ahyry. 16Ýok, bu görýänleriňiz Ýowel pygamber tarapyndan aýdylandyr:
17 # Ýow 2:28-32. „Hudaý şeýle diýýär:
Ahyrky günlerde şeýle bolar,
Men ähli ynsanlaryň üstüne
Öz Ruhumy dökerin.
Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz,
aýanlyk alarlar ýigitleriňiz,
düýşler görer garrylaryňyz.
18Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne,
Öz Ruhumy dökerin.
Olar-da pygamberlik ederler.
19Men ýokarda, asmanda mugjyzalar,
aşakda, ýerde alamatlar:
gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
20 Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal,
Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
21Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.
22Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady. 23Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz. 24Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi. 25#Zeb 15:8-11.Dawut Ol hakda şeýle diýipdi:
„Reb elmydama gözlerimiň öňünde;
sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
26Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar,
bedenim hem umyt bilen ýaşaýar.
27Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň,
sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.
28Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň:
huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“.
29Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. 30Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda#2:30 Dawut Öz neslinden biriniň onuň tagtynda – bu jümle käbir golýazmalarda Dawut ten boýunça öz neslinden bolan Mesihi beýgeltjekdigini we onuň tagtynda diýip duş gelýär. oturjakdygyny bilýärdi. 31Dawut geljegi öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýipdi: „Hudaý Ony ölüler dünýäsinde galdyrmady, Onuň bedeni gabyrda çüýremedi“. 32Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys. 33Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz. 34-35#Zeb 109:1.Dawudyň özi göklere çykmasa-da, şeýle diýipdi:
„Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur’“.
36Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».
37Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 38Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz. 39Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».
40Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy. 41Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi. 42Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.
Imanlylar arasyndaky birlik
43 Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy. 44Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar. 45Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler. 46Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar. 47Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.

Избрани в момента:

Resul 2: TukLat16

Маркирай стих

Споделяне

Копиране

None

Искате ли вашите акценти да бъдат запазени на всички ваши устройства? Регистрирайте се или влезте