Gelip çykyş 33
33
33‑nji bap
Ýakup Ysaw bilen duşuşýar
1 Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi. 2Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy. 3Ýakubyň özi bolsa tutuş maşgalasynyň öňüne düşüp, doganyna golaýlaşýança, oňa ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi. 4Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar. 5Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi. 6-7Onsoň gyrnaklar öz çagalary bilen, soňra Leýa öz çagalary bilen gelip, oňa tagzym etdiler. Iň soňundan bolsa Rahel bilen Ýusup gelip, oňa tagzym etdiler. 8Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi. 9Ysaw oňa: «Dogan, meniň özümiňki özüme ýeterlik, seniň öz zadyň özüňki bolsun» diýdi. 10Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň. 11Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.
12Soňra Ysaw Ýakuba: «Indi bu ýerden ugralyň, men siziň gapdalyňyzdan ýörärin» diýdi. 13Ýakup oňa şeýle jogap berdi: «Çagalaryň näzikdigini, sagylýan ownukly-irili mallaryň maňa aladadygyny, meniň jenabym bilýändir. Eger dowarlary gaty gyssasak, olaryň bary haram öler. 14Şoňa görä-de, jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, gyssanman barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».
15Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek nämä gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi. 16Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi. 17Emma Ýakup Sukoda tarap gitdi. Ol ýerde özüne öý gurdy, mallaryna bolsa agyllar ýasady. Şol sebäpden-de ol bu ýeri «Sukot»#33:17 Sukot – bu söz agyllar diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy.
18 Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi. 19Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz kümüş teňňä satyn aldy. 20Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl#33:20 El-Elohe-Ysraýyl – bu söz Ysraýyl Hudaýy Hudaý diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy.
Currently Selected:
Gelip çykyş 33: TukLat16
ማድመቅ
Share
Copy
ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016