1
Gelip çykyş 41:16
Mukaddes Kitap
Ýusup faraona: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý faraona bähbitli düşündiriş berer» diýdi.
አወዳድር
{{ጥቅስ}} ያስሱ
2
Gelip çykyş 41:38
Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.
3
Gelip çykyş 41:39-40
Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur. Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».
4
Gelip çykyş 41:52
Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy.
5
Gelip çykyş 41:51
Ýusup: «Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi» diýip, nowbahar oglunyň adyna Manaşa dakdy.
Home
Bible
Plans
Videos