Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar. Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin».